Täze ýyl baýramçylygyny arçasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Näme sebäpden bu agaja şeýle sarpa goýulýarka? Bu hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.
Gadymy döwürlerde oňa ýaşaýşyň nyşany hökmünde seredipdirler. Hatda ähli agaçlar mähirli güýçler we açyk göwünli ruhlar bilen gurşalan diýip düşünipdirler. Adamlar şol ruhlary özüne çekmek üçin olary dürli oýnawaçlar bilen bezäpdirler. Täze ýyl baýramçylygy bellenilmezinden öň, gadymy Müsüriň ýaşaýjylary dekabr aýynda palmanyň ýaşyl şahalaryny ýeňşiň nyşany hökmünde öýlerine getiripdirler. Rimliler bolsa, ekerançylyk ýerleri hasylly bolsun diýip, öýleriniň daşlaryny ýaşyl ýapraklar bilen bezäpdirler.
Gadymy Germaniýanyň ýaşaýjylary-da arçany keramatly agaç hasaplapdyrlar. Olaryň pikiriçe, arçanyň tikenleri erbetlikleri kowupdyr. Germaniýanyň Strasburg şäheriniň ýaşaýjylary arçany reňkli kagyzlar, miwedir ir-iýmişler bilen bezäpdirler.
Gadymy Gresiýada oňa umyt agajy hökmünde seredipdirler. Kem-kemden bu däp Ýewropanyň ýerlerine ýaýrap başlapdyr.
Musa HANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.