Gar adam – gardan ýasalan ýönekeý heýkel. Ol gyş paslynda çagalar tarapyndan, käte-de ýetginjekler tarapyndan gar ýaganda uly höwes bilen ýasalýar.
Ýönekeý gar adam üç sany gar tokgasyndan ýasalýar. Seýrek ýagdaýlarda iki sany gar tokgasyndan hem ýasalyp bilinýär. Onuň iň uly tegelegi aşaky bölegi, ikinji tegelegi göwresi, iň kiçi tegelejigi bolsa kellesidir. Gar adamyň eliniň ýerine iki agaç şahasy ýa-da iki gar tokgajygy goýlup, oňa pil ýa-da sübse oturdylýar. Däbe görä, gar adamyň burnuna derek käşir goýulýar. Ýöne häzirki wagtda gar adamyň burnunyň ýerine daşjagazlar, taýajyklar hat-da kömür hem goýulýar. Gar adamyň kellesine köplenç bedre geýdirilýär. Ol ertekilerde we multifilmlerde Aýaz babanyň ýoldaşy hökmünde çykyş edýär.
Maglumatlara görä, 1999-njy ýylyň fewralynda ABŞ-nyň Men ştatynyň Betel şäherinde iň uly gar adam ýasalýar. Onuň boýy 35 metre, agramy 4 tonna barabar bolupdyr. 2008-nji ýylda ýenede şol ýerde belentligi 37 metre, agramy bolsa 6 tonna ýetýän has uly gar adam ýasapdyrlar.
2010-njy ýylda Londonyň Milli fizika laboratoriýasynyň Kwant bölüminiň agzasy Dewid Koks tarapyndan Roždestwo baýramynyň öňsyrasynda 0,01 mm ölçeginde iň kiçi gar adam ýasalypdyr. Gadymy Russiýada gar adam gyşyň ruhy hasaplanypdyr. Oňa kömek bermegini, rehimdarlyk etmegini, sowguň uzak dowam etmezligini haýyş edip çokunypdyrlar. Şonuň üçinem gar adamyň eline asmana uçmagy üçin sübse goýlupdyr.
Eýsem, siz gar adam barada nämeleri bilýärsiňiz?
Taýýarlan: Dilnoza MUHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.