Siziň üçin...Slider

Gyş hakynda söhbet açsak…

17-12-2022 / 15

Gyş paslynyň öňüsyrasynda agaçlar ýapraklaryny dökýärler, Günorta Afrikada bolsa gurak möwsümiň öň ýanynda şeýle ýagdaýy synlamak bolýar.

Ýagýan garlar hem öz gezeginde biri-birinden tapawutlanýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, biri-birine meňzeş hiç hili gar tapylmandyr.

Häzirki wagta çenli adamyň eline düşen iň uly gar tozgasynyň diametri 38 santimetre barabardyr.

Uzak Demirgazyk sebitlerinde aýazly gyş pasly on aýdan gowrak wagt dowam edýär.

Gyşda buzlar köplenç jaýyň günorta tarapynda emele gelýär.

Deňiz derejesinden 4500-5000 metr belentlikde bolan daglarda gyş pasly bütin ýyl höküm sürýär.

Gar suwuklyk halyna gelmedik bugdan emele gelýär. Emma muňa garamazdan 90%-i howadan düzülendir. Hut şonuň üçin hem olar ýere düşende haýal düşýärler.

Kionofobiýa – gyşy halamaýan adamlar. Olar sowuga çydap bilmeýärler. Gardan we buzdan gorkýarlar.

Arasssa gar iýmäge ýaramlydyr.

Biler bolsaňyz, adamlaryň eşidişiniň çäklidigi we gaty pes ýygylyklary eşitmeýändigi sebäpli garlaryň aýdym aýdýandygyny bilmeýäris.

Hakberdi ÇARYBAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu