
Şu gün —17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlanýar.
Şu gün badalga alýan bu çäre ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyrylýar. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalar has anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer, şeýle hem ilat ýazuwynyň deslapky hem-de gutarnykly netijelerini metbugatda öz wagtynda we doly çap etmäge ýardam berer.
Ilat ýazuwyny geçirijileri olaryň ýörite şahadatnamasy, keltekçesi hem-de ýaşyl reňkli, ilat ýazuwynyň nyşany şekillendirilen ýaşyl torbasy boýunça tanap bolar.
«TürkmenGazet».