Bilýärsiňizmi, türkmen halky hemişe täze zatlara — ýaňy dogan täze Güne, dünýä inen täze bäbege, täze duşuşyklara… uly ähmiýet berýär. Täze zatlar hemişe gyzyklylygy, täsinligi bilen özüne çekýär. Ine, bosagada — hemmämiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýylymyz. Täze ýyl bizi ak ertirlere, ajaýyp üstünliklere sary alyp gitjek aýdyň ýol.
Täze ýyl — ömrüň ýene-de bir sahypasynyň agdarylyp, täze sahypa başlaýan güni. Ol täze sahypa bolsa türkmeniň aýdyň geljegi altyn harplar bilen ýazylar. Günleri gowulyga, bagtyýarlyga sary uzaýan türkmen döwletiniň geljegi-de bagtyýarlykdan, agzybirlikden nyşandyr.
Ýyllar bizi kämilligiň, üstünligiň basgançaklaryna sary göterýär. Täze ýyl biziň üçin üstünlige, rowaçlyga tarap açylan gapy bolup, biz oňa öz ylym-bilimimiz, giň dünýägaraýşymyz bilen gadam goýmalydyrys. Biziň her birimize bagt, söýgi, üstünlik alyp geljek täze — 2023-nji ýylymyz, nesip bolsa, belent sepgitler, beýik ösüşler bilen rowaçlanar.
Her bir gün, aý-ýyllar biziň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjymyzy, guwanjymyzy artdyrýar. Bu gün biz – ýaşlar bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlarydygymyza buýsanmaga doly haklydyrys.
Gülhatyja AMANSÄHEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.