Siziň üçin...Slider

Öwrenmegiň täzeçe usullary

16-12-2022 / 15

Ýetip gelýän täze — 2014-nji ýylda türkmen  ýaşlary öz-özünden talabediji, maksada okgunly, ylymly-bilimli ýaşlar bolmalydyrlar,  bilim dünýäsiniň belentliklerine tarap ymtylmalydyrlar.

Döwrüň, durmuşyň günsaýyn däl-de, demsaýyn özgerip, ösýän wagtynda şol bir durkuňy saklamak, öwrenilen ýa-da özleşdirilen şol bir usul bilen kanagat etmek ylym ýoluna düşen talybyň kämilleşmegine eltmeýär. 

Döwrümizde bar bolan mümkinçiliklere esaslanyp, öwrenmegiň has täsirli, oňaýly ýollaryny tapmak, okuw derslerini tiz özleşdirmek üçin ussat mugallymlardan ýol salgy soramak talybyň  esasy borçlarynyň  biridir. Çünki çekýän zähmetimiziň netijesi, ekýän daragtymyzyň miwesi biziň haýsy ýolda nähili ýöreýändigimize hem bagly bolýar. Talyplaryň sapak özleşdirişi dürli-dürli. Käbir talyplar her bir aýdylan, öwredilen zady dessine kabul edýärler. Käbirleri munuň üçin şol dersi gaýta-gaýta okamaly bolýar. Saýlap alan hünärimize wepaly bolmak, Berkarar döwletimiziň bize bildirýän ynamyny ödemek üçin, öwrenmegiň täze usullaryň gözleginde bolmak hem gyzykly, hem ähmiýetli. Özüňi ylym-bilim we durmuş ýolunda barha kämilleşdirmek dogrusynda ylmy kitaplardan, halypa mugallymlardan we gündelik okuw tejribesinden toplan belliklerim, ýazgylarym okuwlaryma has yhlasly ýapyşmagyma itergi berýär:

Ilki bilen talyp özünden talabediji bolmaly. Talapkärlik – işiň netijesi bilen bagly. Esasy maksat – gowy netije gazanmak. Munuň üçin mümkin bolan ähli oňyn usullary ulanmaly.

Özleşdirýän dersimize giňişleýin düşünmäge çalyşmaly.   Düşünmek  ýat tutmakdan has netijelidir. Çünki adam manysyna doly düşünmän ýat tutan zadyny tiz wagtdan unudýar, emma düşünip, özleşdiren zady hemişe ýadynda galýar.

Hemişe täze açyşlary etmekligiň höwesinde gezmeli. Köp okamaly we okap-öwrenen zadymyzy durmuş ýüzünde amal etmäge çalyşmaly. Döredijilikli pikirleniş ukybyny ösdürmäge ymtylmaly. Öz saýlap alan hünärimiz babatda hem hemişe täze-täze açyşlaryň gözleginde, hyýalynda bolmaly, jemgyýetiň ösüşi üçin bu zatlaryň zerurdygyna düşünmeli.

Ylym-bilim we gylyk-häsiýet babatda öz üstümizdede işlemekligi we kämilleşmekligi ünsden düşürmeli däl.

Muhammetsapa MUHAMMETMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu