Şu gün — 16-njy dekabrda «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2022» atly telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti geçirýärler. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşige zehinli aýdymçy ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy. Jemleýji tapgyra bolsa, olaryň iň zehinlileriniň diňe 10-sy gatnaşmaga hukuk gazandy.
Birnäçe sagadyň dowamynda aýdym-saz bäsleşigi dowam edip, her bir çykyşdan soň, meşhur sungat ussatlary öz pikirlerini aýtdylar hem-de ýaş kärdeşlerine maslahatlaryny berdiler. Tomaşaçylaryň SMS habarnamalarynyň üsti bilen iberen sesleri sanaldy. Gatnaşyjylaryň işjeňligi hem göz öňünde tutuldy. Netijede, bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi. Ýaşlaryň söýgüli aýdymçysy Rüstem Hallyýew ýylyň parlak ýyldyzy boldy.
Şu gezekki «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde ýaş aýdymçylar — 1-nji orna Bahar Annaýewa, 2-nji orna Şatlyk Gurbannazarow, 3-nji orna Seýitguly Tülegenow mynasyp boldy. Geçen ýylyň parlak ýyldyzy Begenç Çaryýew buýsanç bilen göçme kubogy bu ýylky eýesine gowşurdy.
«TürkmenGazet».