Siziň üçin...Slider

Täze ýylyň yşyklary ýalkym saçýar

16-12-2022 / 13

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. 15-nji dekabrda Täze ýyl arçalary tutuş ýurdumyzda ýalkym saçdy.

Ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzda Köpetdagyň etekleriniň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy. Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we ulular ýygnandylar. Çünki hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň we açyşlaryň jadylaýjy güýji gözbaş alýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň wepaly hemrasy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar.

Çürbaşy “2023” belgili sekizburçly ýyldyz bilen jemlenýän Baş arçanyň beýikligi 43 metre deňdir. Köp dürli oýnawaçlardan we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşlerinden bezegi ýeten bu ajaýyp arçanyň ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň owadan we özüne çekiji gözel ýerleriň birine öwrüler.

Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär.  Bu ýere jemlenen çagalaryň islegi we Aýazbabanyň jadyly taýagynyň täsiri bilen owadan arçanyň yşyklarynyň nur saçmagy Täze ýyl baýramçylygynyň şatlykly pursatlarynyň esasy wakasyna öwrüldi. Çagalaryň bagtyýar, joşgunly sesleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Garaşsyz Watanymyzyň şu gününe we ertirine bolan ynamyň iň oňat subutnamasydyr.

Ertekileri ýada salýan bu ajaýyp baýramçylyk ulularyň we çagalaryň uzak wagtlap ýatlarynda galar.

Jumamyrat SEÝITMUHAMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu