SliderŽurnalistiň sahypasy

Dost-doganlygyň röwşen ýoly

16-12-2022 / 12

Ýokary derejedäki duşuşyklar hemişe döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm tapgyra öwrülip, geljek üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 14-nji dekabrda taryhy hem häzirki zaman ösüş ugurlary örän ýakyn bolan üç türki döwletiň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Hazaryň türkmen kenarynda duşuşyp, gepleşikleri geçirmegi iňňän uly wakadyr.

Türkmen, azerbaýjan hem-de türk halklaryny gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy bitewülik, medeni umumylyklar, ruhy gymmatlyklar, dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Wagtyň synagyndan geçen şol umumylyklar halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň täze taryhy döwürde hil hem mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň esasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryny geçirmekde uly tejribäniň toplanylyp, barha berkidilýän dostlukly gatnaşyklaryň ajaýyp netijelerini berýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda bu ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda bilelikdäki giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Energetika, ulag-logistika, söwda-ykdysady ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenilýär. Üçtaraplaýyn gatnaşyklarda ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrundaky tagallalaryň birleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Awazada ýokary derejede guralan birinji üçtaraplaýyn sammit halkara habarlar giňişliginde taryhy duşuşyk hökmünde häsiýetlendirildi. Eýsem, köp garaşylan, ykjam taýýarlyk görlen sammitiň taryhy ähmiýeti nämede?! Bu sowalyň anykdan-aýdyň jogaby üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň sammitde eden çykyşlarynda öňe süren başlangyçlarynda, beýan eden pikir-garaýyşlarynda, kabul edilen-u-gol çekilen örän möhüm üçtaraplaýyn resminamalar toplumynda jemlenýär.

Göwher AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu