SliderŽurnalistiň sahypasy

Akyldaryň mertebe belentligi

15-12-2022 / 10

Halkymyzyň özbaşdak döwlet gurup, erkin, agzybir ýaşamagy Magtymguly Pyragynyň köňül arzuwy bolupdyr. Häzirki döwürde akyldar şahyryň  döredijiligi içgin öwrenilýär. Şahyryň goşgulary dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Akyldaryň şygyrlaryndaky watansöýüjilik, päk ahlaklylyk we ruhubelentlik ýaly ýagşy duýgular aýratyn täsir galdyrýar.  Magtymguly Pyragy dünýäniň akyldary, adamzat ruhunyň parlak ýyldyzydyr.

Beýik Magtymgulynyň döredijiliginiň Jemşidiň jamyna deňelmegi hem ýöne ýere däldir. Şahyryň şygyrlary diňe bir halkymyzyň edebi mirasynyň däl, eýsem tutuş Gündogar edebiýatynyň ösmeginde hem täsiri uludyr. Köp sanly parasatly sözleriniň atalar sözüne öwrülip gitmegi-de halkymyzyň beýik  akyldara bolan sarpanyň beýanydyr. Şahyryň durmuşyň ähli meselelerine parasatly çemeleşmegi gymmatly we baý döredijiliginiň köptaraply bolmagyna getiripdir.

Magtymguly Pyragyny bu gün bütin dünýä tanaýar, oňa belent sarpa goýulýar. Şahyryň şygyrlarynda ömrüňe many çaýmagyň, durmuşyňy gözelleşdirmegiň, ýaşaýşa umytly bakmagyň syrlary jemlenendir. Goşgulary ynsanlaryň ruhy hemaýatkäri, kalbyň öçmejek nury bolup ýaňlanýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özüne çekijiliginiň ýene bir aýratyn tarapy, onuň durmuş, ýaşaýyş, tebigat, dünýä bilen berk baglanyşykda bolmagydyr. Şahyryň çeperçilik mekdebe öwrülen döredijiliginiň hakyky gadyr-gymmaty häzirki wagtda täze öwüşgine eýedir.

Myrat JORAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu