Göwün küýsegiSlider

Ötünji hemişe günäkär soramaýar

Erih Mariýa Remarkyň aforizmleri

15-12-2022 / 18

Geçmişiňde söýen adamyňdan başga hiç kim seniň üçin beýle derejede ýat bolup bilmez.

Bir adam beýleki adama yssy mähirden başga näme berip biler?! Asyl-ha, mundan uly näme bolup biler?!

Sen, esasy, hiç kimi ýakynyňa goýberme.

Ýakynyňa goýberseň, saklamak islärsiň. A hiç zady saklap bolýan däldir…

Söýgi düşündirişi halamaýar. Oňa edilen amal gerek.

Zenan söýgüden paýhaslanýar, erkek akylyny ýitirýär.

Sen diňe bir adamdan çürt-kesik aýrylandan soňra, onuň bilen bagly ähli zatlary çynlakaý gyzyklanyp başlaýaň. Bu hem söýgi paradokslarynyň biridir.

Bagt hakynda bäş minutdan artyk gürläp bolmaýar. Munda öz bagtlydygyňdan başga aýdara zat ýok. Betbagtlyk hakynda bolsa adamlar ençeme gijeler gürrüň edip bilýärler.

Ýalňyzlyk hiç kimi söýmeseň ýeňil.

Men: «Entäk hiç zat ýitirilenok» diýip gaýtaladym. Ynsany diňe ol ýogalandan soňra ýitirip bolýandyr.

Ähli kişiler bir meňzeş duýup bilýär diýip çaklamak ýalňyşdyr.

Bir zady berk belle, ýigit: zenan üçin nämedir bir zat edeniňde, hiç haçan, hiç haçan, ýene-de bir gezek hiç haçan onuň gözünde gülkünç bolmarsyň. 

Zenany ýa hudaýlaşdyrmaly, ýa-da öz gününe goýmaly. Galan zatlar — galp.

Ökünmek — dünýäde iň ýaramaz närse. Hiç zady yzyna dolap bolmaýar. Hiç zady düzedip bolmaýar. Ýogsam, biziň ählimiz päkize ynsanlar bolardyk. 

Her näme bolup geçse-de, ýüregiňize ýakyn tutmaň. Dünýede uzagyndan derwaýys boljak zatlar seýrekdir.

Ötünji hemişe günäkär soramaýar. Ötünji gatnaşygyň gymmatyna düşünýän soraýar.

Meniň pikirimçe, zenan erkek adama öz söýgüsini aýtmaly däl. Goý, bu hakda onuň bagtdan ýaňa nur saçyp duran gözleri aýtsyn. Gözler islendik sözlerden suhangöýdir.

Gytja ATDAÝEWA, 
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu