Nesil terbiýesi, ýaşlaryň edep-ekramy babatdaky gürrüň hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän, möwritini gaçyrmaýan söhbetdir. Sebäbi aýlar aýlanyp, ýyllar dolansa-da, ýaş nesilleriň görüm-göreldesi baradaky gürrüňler döwrüň derwaýys zerurlygy hökmünde hemişe orta çykýar. Aýratynam, ýigitleriň terbiýesi, oglanlaryň edebi hemmeleriň üns merkezinde.
Elbetde, milletiň ar-namysyna deňelen güler ýüzli gyzlaryň, edaly gülinleriň edep-ekramynyň nusgalyk derejede bolmalydygy hemmämize äşgär hakykat. Ýöne oglanlaryň görüm-göreldesini hem alnyňa sylarlyk ýagdaýda eýe bolmalydygy ähli kişä düşnüklidir.
Türkmeniň milli ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklarynda maşgalada dünýä inen oglanjygyň kemally, ýagşy gylyk-häsiýetli perzent bolup ýetişmegi ugrundaky aladalar aýdyň şöhlelenýär. Halk paýhasynda ýerlikli bellenilişi ýaly, «Enesini görüp, gyzy alynýan» bolsa, atasyny görüp, oglunyň näderejede terbiýelidigi aýdyň kesgitlenipdir. Märekede, köpçülikde bir ýigidi tanajak bolsalar, ilki bilen «Kimiň ogly?» diýip sorarlar. Haçan-da onuň kimiň ogludygyny bilenlerinden soň, «Hä-ä, ol pylanynyň ogly eken» diýip, kakasynyň, atasynyň il içindäki abraý-mertebesini göz öňüne getirýärler. Türkmen ýigidi öz ýaramaz häsiýeti bilen ata abraýyna şek ýetirmegi namys bilýär. Gaýtam, öz belent adamkärçiligi bilen asyl-arkasynyň abraýyna abraý goşmagy döwletlilik saýýar. Çünki kemally ogul ata-ene üçin buýsançdyr. Märekede bir ýigit ýagşylykda taryplansa, atasynyň egni birgez beýgeler. Atalaryň il içindäki at-abraýy nähili häsiýetli perzentleri kemala getirendigi bilen berk baglanşyklydyr.
Aslyýetinde, çaga dünýä inende arassa bedenli, tämiz ruhly, päkize kalply dogulýar. Jägildäp ýatan çagajykda ynsana nämahsus bolan ýaramaz gylyk-häsiýetlerden çigidiň gabyjagy ýaly-da nyşan ýokdur. Ene süýdi, ene hüwdüsi çaga ýüregine dünýäniň iň gowulyklaryny ýetirmek bilen, ýaşajyk ynsanyň süýt kimin arassa, hüwdi deýin tereň ruhly kemala gelmegine ylham berýär. Çaga kem-kemden ulaldygyça, gözüniň görýän zatlaryndan, maşgaladan, daş-töwerekde bolup geçýän hadysalardan ugur aýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň aňyna maşgala terbiýesi öz täsirini ýetirýär. Aýdaly, ata-ene nähili häsiýetde bolsa, çaga-da şol häsiýetde kemala gelýär. Şonuň üçinem her birimiziň nesil dowamatymyza ýagşy gylyk-häsiýetler bilen görelde bolmagymyz zerur.
Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.