SliderŽurnalistiň sahypasy

Bir dil bilen bir adam…

14-12-2022 / 12

Dil — adamlaryň arasynda aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Adam näçe köp dil bilse, şonça-da onuň gözýetimi giňeýär. Daşary ýurt dillerini öwrenenimizde biz öwrenýän dilimiziň üsti bilen şol dilde gepleýän halkyň medeniýetini, däp-dessurlaryny hem öwrenýäris. «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýip, ata-babalarymyz ýöne ýere nygtap geçmändirler.

Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün edýän döwrebap ulgamlar döredilýär we netijeli hereket edýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawy döredilýär, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hili ýokarlandyrylýar, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalary işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini dogry we doly özleşdirmäge bagyşlanan okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da, daşary ýurtlardan professor-mugallymlary çagyrmak, uniwersitetiň mugallymlaryny we talyplaryny hünär kämilleşdiriş okuwlaryna ibermek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Daşary ýurt dillerini kämil bilmek, olary doly özleşdirmek, türkmen ýaşlarynyň dünýä giňişligine aralaşmagyny, sebitde we halkara derejede syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýelemegini, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegini we kämilleşmegini ýola goýmakda hyzmat edýär.

Serdar GYLYJOW,
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu