13-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly ýurtlaryň energetika, ulag ulgamlarynyň hem-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen duşuşyklarda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen we gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalary ylalaşmak meselelerine garaldy.
Şeýle-de düýn ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.
Ýene-de Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň degişli ulgamlarynyň ýolbaşçylary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikleriň öň ýanynda geçirilen duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk üç ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk senenamasyna täze sahypany ýazmaga hem-de mizemez dostluk we doganlyk ýörelgelerine, türkmen, azerbaýjan we türk halklarynyň medeni hem-de ruhy däpleriniň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna esaslanýan oňyn hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
«TürkmenGazet».