Habarlar

Baýramçylyk konserti geçirildi

13-12-2022 / 11

12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.

Mukamlar köşgünde baýramçylyga mahsus dabara, ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Aşgabatda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik toparlary, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar.

Bu ýere gelenleriň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar bar. Baýramçylyk konserti Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini, häzirki we geljekki nesilleriň hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hyzmatdaşlyk däplerine ygrarlydygyny görkezdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu