«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti bu wakalar bilen utgaşyp, dostlukly hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrar.
Häzirki döwürde türkmen-türk we türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä eýe bolup, anyk işler, oňyn başlangyçlar bilen baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýändigini, olaryň bu çäkde eýeleýän möhüm strategik ornuny hasaba alsak, onda olaryň işjeň we netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň Ýewraziýanyň geoykdysady giňişligine düýbünden başga many-mazmun bermäge ukyplydygy jedelsiz hakykatdyr.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygy özara bähbitlere laýyk gelmek bilen, Ýewraziýanyň sebitlerinde, ählumumy möçberde abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, goramaga ukyplydyr.
Türkmenistanda ýokary derejede geçiriljek üçtaraplaýyn duşuşygyň doganlyk üç halkyň netijeli hyzmatdaşlygynyň senenamasyna täze taryhy waka bolup ýazyljakdygy hem-de soňky ýyllarda üç ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berjekdigi ikuçsuzdyr.
Begendik DÖWLETÝAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.