12-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän beýik binanyň ýanynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, şol sanda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň her ýylda geçirilýän dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň köp sanly agzalary ýygnandylar.
Şeýle hem bu ýerde geçirilen dabara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
«TürkmenGazet».