SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýitip barýan janly gözellikler

12-12-2022 / 20

Keýik goşatoýnaklylar toparynyň, gyn şahlylar maşgalasyna degişlidir. Häzirki wagtda olar gözel tebigatymyzdan «Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş» derejesi berlen görnüşleriň biridir. Keýik, Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna (TGHB), Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna hem girizilendir. Olar dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýarlar. Keýikler, esasanam, Bathyzda, Garabilde hem-de Sarygamyş çöketliginde has köpräk duşýarlar. Olaryň sürüdäki mukdary durnuksyz bolýar. Çünki amatsyz tebigy şertler dörände, başga otjumak ýerlere göçüp gidýärler. Olar iýmitini çalt üýtgedip bilýärler hem-de tomsuna suwa golaý ýerlerde ýaşamagy halaýarlar. Ýaz-tomus ter ot-iým bolanda wagtlaýyn suwsuz oňup bilýärler. Keýikler ýurdumyzdaky dokuz döwlet tebigy we on alty döwlet tebigy çäkli goraghanalar tarapyndan aýratyn goralýandyr.

Burma şahly tekeler hem ýokarda belläp geçişimiz ýaly goşatoýnaklylar toparynyň, gyn şahlylar maşgalasyna degişli bolup durýar. Olara gözel tebigatdan «Düýbünden ýitip barýan görnüş» derejesi berlendir. Sebäpli burma şahly tekeler Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna, şeýle hem Ýitip-ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň sanawyna girizilendir. Burma şahly tekeler gelşikli, uzyn aýakly owadan ýabany geçidir. Olaryň gyşyna tüý örtügi gür we uzyn, reňki çal öwüşginli, tomsuna bolsa tüý örtügi has seýrek bolup, böwürleri, arkasy, boýny we aýaklary açyk çägesöw reňke öwrülýär. Burma şahlylar deňiz derejesinden 1500-2500 metr belentlikde selçeň arçalyk guşaklykda, dagyň uçut, kert gaýaly, jülgeli ýerlerinde ýaşaýarlar we olar belentlikdäki dürli otjumak ösümlikler we agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, ýylyň köp böleginde olaryň tekeleri aýry, geçileri bolsa owlaklary bilen bile gezýärler. Olar güýz we gyş aýlarynda jübütleşýärler. Burma şahly tekeler diňe Köýtendagda ýaşaýandyklary sebäpli Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda we Hojapil, Hojagarawul, Garlyk, Hojaburjy döwlet tebigy çäkli goraghanalarynda goralýar.

Gözel tebigatymyzyň ýitip barýan hem-de ýitmek howpy bolan bu janly gözelliklerini biziň her birimiz goramalydyrys!

Bahar JUMABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu