10-njy dekabrda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, onuň işi umumy mejlisde dowam etdi. Onuň barşynda sebitiň ýurtlarynyň degişli guramalarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijelerine we hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalaryna garaldy. Mejlise gatnaşyjylar zenanlaryň syýasy we durmuş ulgamynda alyp barýan işlerine goldaw bermek, sebitde şeýle hem tutuş dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmäge ýardam bermegiň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dürli sebitleýin toparlaryň hem-de Merkezi Aziýa toparlary birleşikleriniň tejribeleri bilen tanyşdyryldy.
Umumy mejlisiň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň Başlygynyň orunbasary Balaim Kesebaýewa dialogyň parahatçylyk dörediji işiniň ähmiýetini belledi. Häzirki döwürde zenanlaryň tagallasy aýratyn zerurdyr diýip myhman belledi we dialoga gatnaşyjylary BMG-niň düzümleri bilen tagallalary utgaşdyrmaga çagyrdy.
Mejlisiň ahyrynda jemleýji resminama kabul edildi. Onda şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýerine ýetirilen ähli çäreler görkezildi we özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary kesgitlenildi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen syýasaty amala aşyrýandygy tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna goldaw berýändikleri üçin sebitiň döwletleriniň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler. Bu düzüme geljek ýyl başlyklyk etmek hukugy Gazagystan Respublikasyna geçirildi.