Gündogarda orta asyrlaryň iň beýik ýadygärlikleriniň biri-de Orta Aziýada görnükli syýasy işgär we harby serdar, Seljuklylar döwletiniň iň soňky şasy Soltan Sanjaryň aramgähidir. Gadymy Merwiň buýsanjy bolan bu aramgäh, hakykatdan hem Demirgazyk Horasan arhitektura mekdebine degişli taýsyz, ajaýyp nusgadyr.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren taryhy ýadygärlikleriň hataryndaky gadymy Merwiň çäginde ýerleşýän Soltan Sanjaryň kümmeti gadymy türkmen binagärliginiň şöhrat-şany hasaplanýar.
Binýady dört metr çuňlukda tutulan, otuz sekiz metr beýikligi bolan bu kümmet dörtburçly bişen kerpiçden salnypdyr. Ymaratyň özboluşly binagärlik keşbi, diwarlara salnan nagyşlar, täsin üçekler hem syn ediş belentligi türkmen ussalarynyň öçmejek şöhratynyň nyşany bolup galypdyr. Ýeri gelende bellesek, arap jahankeşdesi Ýakut ibn Hamawi bu kümmediň gümmeziniň bir günlük ýoldan görünýändigini ýazsa, orta asyr ulamasy Reşideddin ony: «Dünýäde iň uly bina» diýip häsiýetlendirýär. Bu desganyň gurluş berkligini hatda Çingiz hanyň leşgerleri hem syndyryp bilmändir.
Häzirki döwürde milli medeni mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmäge giň ýollar açylýar. Bu ýerler öz gezeginde nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, ata Watana buýsanç duýgularyny döretmekde bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlyklardyr.
Baýram SAPAROW,
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.