7-8-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilip, oňa paýtagtymyzyň programma üpjünçiligini işläp düzmekden, innowasion oýlap tapmalardan baş çykarýan we Startaplar bilen meşgullanýan, 35 ýaşa çenli ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda kabul eden «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda kabul eden «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda ýokary guramaçylykda geçirilen bu bäsleşik hem ýurdumyzyň ýaşlarynyň bilim başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekde täze mümkinçilikleri döredýär. Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa üç adamdan köp bolmadyk toparlar tarapyndan ýerine ýetirilen programma üpjünçilikleri ýa-da taslamalar hödürlenildi.
Çekeleşikli geçen bäsleşige ýurdumyzyň beýleki orta we ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem gatnaşdylar. Olar özleriniň döreden toparlaýyn programma üpjünçiligi hem-de taslamalary bilen üstünlikli çykyş etdiler. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli guralmagy ýaşlarymyza döredijilik ukyplaryny açyp görkezmäge, täze taslamalary oýlap tapmaga, zehinlerini ýüze çykarmagyna hem-de ýokarlandyrmagyna giň ýol açýar.
Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.