9-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň degişli Kararyny okady.
Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgelere esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy dünýäde we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň işjeň guraly hökmünde ykrar edildi.
Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak, onuň halkara bileleşikde belent abraýyny berkitmek, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty amala aşyrmak, ählumumy halkara maksatnamalary durmuşa geçirmek, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek işine goşan uly şahsy goşandyny, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokarda agzalan tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanylýar.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu sylagy minnetdarlyk bilen kabul edip, ony Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bilelikdäki agzybirlikli işe berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmäge, halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen işler mundan beýläk-de dowam etdiriler. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, eziz Watanymyzyň okgunly ösmeginiň we onuň halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine tutanýerli zähmetiň netijesinde belent maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.