9-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer R.Meredowyň köp ýyllardan bäri Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk edip gelýändigini, onuň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli ýurtlary bilen döwletimiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda we ösdürmekde uly işleri bitirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini nazara alyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi.