Siziň üçin...Slider

Daýhan – mert, ýer – jomart

10-12-2022 / 11

Keremli ene toprak! Seniň durum-durkuň tükenmez genji-hazyna ahbetin! Muňa düşünmek üçin saňa ömrüňi örklemeli, saňa halal hyzmat etmeli.

Pederlerimiz ýöne ýere: «Ýykylsaň – ýere ýapyş», «Ýykylsaň – bir gysym gum alyp tur» diýmändirler ahyryn. Maňlaý deri bilen saňa zähmet siňdirip bilen ynsana sen rysgal-döwlet eçilip bilýäň. Şonuň üçin halkymyz seni «bereketli toprak», «keremli toprak», «mukaddes toprak» diýip taryplaýar. Çünki sen ata Watan düşünjesi bilen berkden-berk bagly. Watanyň bir daban ýeri mukaddeslik, kerem-keramat saýylýar. Indi halkymyz bu gadymy topragyň üstünde öz ykbalyny özi kesgitläp bilýän kuwwatly döwleti berkarar etdi. Ata Watanymyzyň gündizleri parahat, gijeleri asuda, halky erkana, ýurdy abadan, durmuşy bolelin, ogullary merdana, gyzlary görkana, gojalary pähimdar, eneleri rehimdar. Türkmen döwletiniň dünýä içre at-abraýy has belent tutulyp, hormat-sarpasy barha beýgelýär. Bu gün türkmen topragy gülleýär, gül açýar, ýurt galkynýar, iller ýalkanýar, dost-doganlyk berkeýär, bagt pajarlaýar, bereket çogýar, müdimi abadançylyk höküm sürýär. Gör, türkmene neneňsi ajap döwür-döwran dolandy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz, ylaýta-da, zähmetsöýer daýhanlarymyz ene ýerden zer öndürip, saçaklarymyzy azyk önümleri bilen dolduryp, ýurdumyzyň kuwwatyna kuwwat, güýjüne güýç goşýarlar.

Ak bugdaýyň Watany saýylan güneşli Diýarymyzyň daýhançylyk däpleri öz köklerini gadymy taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Halkymyzyň ekerançylyga aýratyn ähmiýet berýändigi ýöne ýere däl. Rysgal-berekediň gözbaşy, saçaklarymyzyň bezegi saýylýan dänelidir kösükli ekinler, gök-bakja önümleridir miweler hem-de gowaça ýaly ekinler milli ekerançylygymyzyň esasyny düzýär. «Harman aldym – gala aldym» diýýän halkymyz bugdaý ýaly azyklyk ekinlere aýratyn uly ähmiýet berýär. Çünki daýhan zähmetiniň miwesi bolan bereketli hasyl bilen bolelin durmuşyň gös-göni baglanyşygy bar. Dana ata-babalarymyz ýöne ýere: «Daýhan – mert, ýer – jomart» diýmändirler. Türkmen daýhanynyň maňlaýyndan ak Gün dogup, ol ýeriň hakyky eýesine öwrüldi.

Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu