Siziň üçin...Slider

10-njy dekabr – Adam hukuklarynyň halkara güni

10-12-2022 / 15

Adam hukuklary baradaky mesele halkara hukugynda garalýan iň wajyp meseleleriň biridir. Adam hukuklary bu her bir adamyň jemgyýetde erkin, rahat we abadan ýaşamagy we durmuş gurmagy, jemgyýet we döwlet işlerine işeňňir gatnaşmaklary üçin zerur bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň jemidir.

Ählimize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 10-njy dekabry Adam hukuklarynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Parižiň Pale de Şaýo köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynda «Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy» kabul edilipdir. Jarnamanyň kabul edilmegini BMG-niň şol wagtky 58 agzasynyň 48-si goldapdyr. Adam hukuklary hakyndaky ilkinji resminama 30 maddadan ybarat bolup onda, esasy hukuk çeşmesi hökmünde adam hukuklary, azatlyklary hakynda giňişleýin bellenilip geçilendir. Adam hukuklary hakyndaky  ählumumy jarnamasy bütin dünýäde iň köp 500-den gowrak dilde terjime edilen resminama bolup, ol  dünýä jemgyýetçiligi hem-de her bir adam üçin örän möhüm hukuk resminamasydyr. Resminamanyň asyl nusgasy iňlis dilinde çap edilip, Pale de Şaýo köşgünde saklanylýar.

Adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary üç topara bölünýär:

Şahsy hukuklar we azatlyklar;

Syýasy hukuklar;

Sosial-ykdysady hukuklar.

Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar:

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (1946 ý).

ÝUNISEF – BMG-niň Çagalar gaznasy (1946 ý).

Adam hukuklary barada Ýewropa kazyýeti (1959).

BMG-niň Ykdysady, sosial we medeni hukuklar baradaky Geňeşi (1985 ý).

BMG-niň Gynamalara garşy Geňeşi (1987 ý).

ÝHHG-nyň garamagyndaky demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasy (1990 ý).

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarlygy (1993 ý).

Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary baradaky komissary (1999 ý).

BMG-niň Ähli zähmet çekýän migrantlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hukuklary baradaky Geňeşi (2004 ý).

Häzirki wagtda Türkmenistan 130-dan gowrak halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşýar. Olardan 40-dan gowragy döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meselelerini çözmegiň halkara-hukuk esaslaryny emele getirýär. Türkmenistan döwleti öz milli kanunçylygynda «Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna» we ondan gelip çykýan konwensiýalara esaslanýar. Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulyşmak bilen, özüniň üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny ösdürýär.

Söýün ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu