Şu ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň goldanylandygy we «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy dekabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýyl Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş edendigini hem-de Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürmek boýunça netijeli işlere başlandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyjyň goldanylmagy, «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde gazanan uly we möhüm üstünligidir.
Akja BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.