Halkara hukugynda bitaraplyk düşünjesi giň mazmuna eýedir we onuň dürli ölçegleri bar. Ony syýasy, hukuk we ynsanperwerlyk nukdaýnazarlaryndan seretmek mümkin.
Özüniň etimologik gelip çykyşy boýunça, bitaraplyk düşünjesiniň halkara tejribesinde ulanylýan iňlis dilindäki “neutrality” adalgasy “neuter” diýen gadymy latyn sözünden emele gelipdir we munuň özi “ol hem däl, bu hem däl” diýen manyny aňladýar.
Türkmen dilindäki bitaraplyk diýen sözi barada aýtsak, ol “bitarap” pars alynma sözi (parsça: بیطرف (bitäräf) – “bitarap”: بی (bi) – “-siz, -syz” we arap diliniň طرف (tarafun) – “gapdal, tarap”) we türkmen diliniň söz ýasaýjy -lyk goşulmasy arkaly ýasalan sözdür. Bu syýasy adalganyň “bitarap syýasaty ýöretmeklik, hiç bir tarapa goşulmazlyk, gatyşmazlyk” diýen manysy bar.
Bitaraplyk sözi halkara gatnaşyklary nukdaýnazaryndan garalanda, döwletiň uruş-dawalara gatyşmazlygyny we harby-syýasy bileleşiklere goşulmazlygyny, özüne mahsus syýasytyny alyp barmagyny we beýleki taraplara deň garaýyşly bolmagyny hem-de dawaly meselede haýsy-da bolsa aýratyn bir döwletiň tarapyny tutmazlygy aňladýar.
Jeýhun HAÝYTOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Sanly dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.