Göwün küýsegiSlider

Parahatlyk – bütin dünýäň islegi

Meşhur jümleler

09-12-2022 / 31

Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr.

* * *

Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz.

* * *

Ilim abat – özüm abat.

* * *

Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn.

* * *

Iliň agzy bir bolsa, dagy goparar.

* * *

Obasy abadyň, kowumy-da salamat.

* * *

Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy.

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan

* * *

Şat bol il-halkyň görende,
Sözün al geňeş berende.
Bir garyp aglap duranda,
Ýanynda gülüji bolma!

«Görogly» şadessanyndan

* * *

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Magtymguly Pyragy

* * *

Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birine al berme.

Mollanepes

* * *

Reňkleriň asly – reňksizlikdir, söweşleriň asly – ylalaşykdyr.

Jelaletdin Rumy

Toplan: Gözel KULBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu