Bu günki gürrüň halkymyzyň nesilbaşymyz Oguz handan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri aralygyndaky kemala getiren milli häsiýetleri, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserinde belleýşi ýaly: «Häzirki zamanyň köki geçmişde, şahalary bolsa geljekdedir.» diýip inçelik bilen yzarlap bilýän kämil paýhasly milli Liderimiziň eserleri dogrusynda.
Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde: «Eýsem, halkymyz üçin «Bitaraplyk» nähili taglymat bolup durýar?!» diýen sowaly orta oklaýar. Geliň, bizem söhbedimiziň badalgasyny şu sowalyň çözgüdinden başlalyň. Eserde, hut şu sowalyň yzysüre: «Men bu baradaky pikirlerimi öň okyja ýetiren hem bolsam, ýene şuňa dolanmak isleýärin. Eýsem, munuň özi, kökleri şu ýerdäki daragtyň miwesidir. Ol miwäniň daragtyndan özge ýere düşmejegi aýdyň ahbetin. Bitaraplyk türkmen durmuşynyň milli ruhy örkündedir. Şonuň üçin biz milli medeniýetimiz hem sungatymyz hakyndaky söhbetlerden onuň hakyky aýdyňlygyny duýýarys.» diýip dowam etdirilýär.
Hakykatdan hem alty ogluny üç üçden iki topara bölüp, uly ogullary Gün, Aý, Ýyldyz handan ybarat bolan toparyna sökülip (bozulyp) gurnalýandygy üçin ýaý berip «Bozuklar», kiçi üç ogullary Gök, Dag, Deňiz handan ybarat bolan toparyna üç sany ýaý okuny berip, olary «Üçoklar» diýip atlandyrmagy, eýýäm, agzybirlik taglymatynyň özenidir. Çünki oksuz boş ýaý hem, ýaýy bolmadyk ýaý oklary hem peýdasyzdyr. Oguz pederimiziň alty ogluny jemläp, ilki ýaý oklarynyň birini, soň ikisini… döwmegi tabşyrýan rowaýatyny hemmäňiz bilýänsiňiz. Elbetde, bir, iki oky döwmek bolar. Emma alty oky döwmek kyndyr. Şeýdip, alty ogluna altysynyň jebislikde bolan wagtlarynda olary döwmegiň kyn düşjekdigi barasyndaky agzybirlik sapagyny özleşdirdýär. Sebäbi alty doganyň arasy jebis bolsa, hiç bir duşman «Agzyny alart-da, höküm sür» diýlen pirimi ulanyp bilmeýär. Oguz han «Il bilen il bolmak» taglymatyny ýöredýär. Ogullaryna talaňçylyk etmezliklerini sargaýar.
«Kitaby dädem Gorkut» eserinde-de iç oguz bilen daş oguzyň köňül birlikleri dabaralandyrylýar. «Görogly» eposy barada aýdylanynda bolsa, bu eposa türkmeniň ruhy aýnasy diýäýesiň gelip dur. Türkmen bitaraplygynyň milli gelip çykyşynyň filosofik derňewini ýöredýän hormatly Arkadagymyz bu barada «Mertler Watany beýgeldýär» eserinde: «Edermen gerçegiň merdanalygynyň esasyny ynsanperwerligiň düzýändiginiň Görogluly ülňüsine seredeliň. «It urşy», «Wellemşaha», «Gurt oýny», «Aýlantabak», ýekelikde duşman tylyna aralaşyp, ýolbars dowluny salmak ýaly harby tärleriň ussady, strategik serkerde, edermen Görogly, batyr, gaýduwsyz Görogly dutaryny gylyjyndan öň ulanýar. Görogly dutar bilen, hoş söz bilen, sypaýyçylyk bilen, syýasat bilen alyp bolýan meselede gylyç ulanmazlygyň tarapdary. Ynha, biziň şu günki ýurt syýasatymyzyň – hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň özeni, ine, şulardan gözbaş alýar.» diýip anyk we aýdyň çözgüt çykarýar.
Abdulla RAHMANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.