Habarlar

Dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçirilýär

07-12-2022 / 6

Şu ýylyň 6 — 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynda baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we dost-doganlyk joşguny» ady bilen dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Teatr hepdeliginiň maksady türkmen halkynyň baý medeni mirasyny wagyz etmekden, teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoluny şöhlelendirmekden, täze eserleri sahnalaşdyryp, milli teatr sungatyny has-da baýlaşdyrmakdan, belent derejelere çykarmakdan hem-de teatr muşdaklaryny dünýäniň nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň, belli dramaturglarynyň ýazan drama eserleri bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeliginiň çäginde, has takygy, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde zenan mertebesini, ene söýgüsini we mährini, türkmeniň mukaddes ojagyny, maşgala mukaddesligini wasp edýän rowaýatlaryň esasynda sahnalaşdyrylan «Hüwdi» atly sahna oýny hepdeligiň esasy sahna eserleriniň biri hökmünde tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolar.

hepdeligiň dowamynda A.Puşkiniň «Balykçy we balyjak», A.Tolstoýyň «Buratinonyň başdan geçirenleri», A.Çehowyň «Aýy» we «Söz aýdyş», N.Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi», A.Wampilowyň «Myhmanhanadaky başagaýlyk», S.Mihalkowyň «Üç jojuk we çal möjek», «Gopbam towşanjyk», A.Wasilýewiň «Uýalar», M.Sadowskiniň «Maşa we aýy», K.Meşkowyň «Bir towşanjyk bar eken», T.Şirýaýewanyň «Külçe», S.Belowyň «Bäş agşam», K.Çukowskiniň «Lukman Aýbolit», Z.Zaýnulliniň «Alty gelin», G.Hugaýewiň «Andro we Sandro», M.Kerimiň «Ak ýigit we Zümerret» ýaly ajaýyp sahna eserleri tomaşaçylara hödürlener.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu