SliderSyýahatçylyk

Balýonyň jaýy

07-12-2022 / 12

Aslynda, ýönekeýje binanyň ýerine jaýyň eýesi Žozep-Balýo-i-Kasanowasyň buýurmasy bilen gurlupdyr hem-de «Balýonyň jaýy» hökmünde tanalýar.

Ispaniýanyň Barselona şäherindäki Balýonyň jaýy gaýtalanmajak häzirki zaman we ýerli binagärlik keşbine eýe. Bu jaýy daşyndan göreniňde, ertekilerdäki köşklere meňzedýärsiň. Öz döwrüniň belli arhitektory Antonio Gaudi bu jaýyň üstünde işläninde, dogrudanam, ýerli ilatyň gadymy medeniýetine, ertekilere hem-de folklora az ýüzlenmändir.

Hut şonuň üçinem onuň penjireleri egrem-bugram bolup, üçegi äpet aždarhanyň şekili bilen bezelendir. 1904-1906-njy ýyllarda gurlan binanyň aşagynyň ak, soňra gögümtil, ahyrynda-da goýy gök bolmagy reňkleriň biri-biri bilen sazlaşygyny döredipdir. Berk daşy kesmek bilen edilen şekiller, dürli reňkli, döwlen plitalardan mozaika görnüşindäki nagyşlar bina aýratyn öwüşgin berýär.

Siz hem Barselona syýahata gidip, bu jaýy synlamak isleýärsiňizmi?

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu