Ata-babalarymyzdan miras galan gadymy türkmen topragy — eziz Watanymyzy goramak döwrümiziň milli terbiýesiniň hem esasy özenidir. Şol sebäpli hem merdana pederlerimiziň gözüniň göreji, başynyň täji hasaplap jandan söýen Diýarynyň mukaddesligini saklamak, ony nesillere geçirmek ýaly asylly däpler hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlarda zähmete, edermenlige, gaýduwsyzlyga, sagdynlyga we Watan goragyna bolan yhlas-hyjuwy artdyrmak ýaly wezipelere hem aýratyn üns berýär. Bu günki günde türkmen ýaşlarynyň ata Watanymyza, ene topragymyza bolan dünýewi we syýasy garaýyşyny çuňlaşdyrmak, olaryň ruhy, beden kämilligini gazanmak babatdaky harby-syýasy wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Sebäbi geljekde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatlygyny, ýaşaýyş-durmuşynyň rahatlygyny üpjün etmek şu günüň bagtyýar nesilleriniň paýyna düşýär.
Bu Watanyň her bir künjegi, her daban ýeri jandan söýülmäge we goralmaga mynasypdyr. Görogly Türkmeniň gazma dutaryna, asal zybanyna gulak gereniňde hem: “Külli türkmen balasyny, men söýer men ili bilen…” diýen owaz eşidilýär. Waspy dillere dessan bolan, tarypy zemin-arş arasyny baglan Watan gymmaty hakynda beýik şahsyýetleriň parasatly sözleri tutuş heňňama, nesillere ýaýrapdyr.
Öz ýaşaýan ýeriňe mähir bilen garamak, ony ezizlemek duýgusy biziň nesillerden-nesillere geçip tutuş ruhumyzda, bedenimizde ýaşaýar. Türkmeniň iň arzyly we asylly häsiýetleriniň içinde has-da tapawutlanýan il-halkyna wepasy, watansöýüjilik terbiýesi, “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölünçä”, “Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol”, “Towşana dogduk depe”, “Ilim-günim bolmasa, aýym-günim dogmasyn” ýaly nakyllara hem siňip gidipdir.
Biziň serimizde hormatly Arkadagymyzyň her bir öwüt-ündewleri, watançylyk sargytlary hem gaýtalanyp dur: “Watandan beýik mukaddeslik ýokdur!”. “Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler Watany beýgeldýär, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaplary bolsa bu ugurda bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlyklardyr. Bu eserler Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik taglymatynyň esaslary hökmünde dünýä çykdy.
Watançylyk kasamyna ygrarly harby gullukçylar we ähli ýaş nesiller üçin ýakyn hemra öwrülen bu eserlerde pähim-sargytlar, şöhratly taryhyň sahypalary, türkmeniň egsilmez gaýraty, aldym-berdimli söweşlerde milli erkiň mizemezligi, keremli Tugumyzyň erkanalygy, hukuk-demokratik döwletimiziň asuda çäkleriniň mukaddesligi, özygtyýarly jemgyýetiň howupsyzlygy beýan edilýär.
Hydyr gezen çöllerimizi, daglarmyzy-düzlerimizi, deňiz-derýalarymyzy, gözel tebigatymyzy, bir başa bakan halkymyzy bir ojaga jemlän berkarar Watanymyzyň serhediniň eldegirilmesizligini üpjün eden, çäk-bitewiligini goraýan, nesilleriň ýagty geljegini kepillendiren, asuda hem erkana durmuşa dowamat beren Arkadagly Serdarymyza köňülleriň alkyşlary egsilmez. Goý, Bitaraplygyň mekany bolan döwletimiziň abraý-mertebesi müdimi dursun, ýaşyl tugumyz belentde parlasyn, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzy gülledip, ösdürmekde alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!
Şatlyk ATAÝEW,
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.