Habarlar

«Gujurly ýaşlar» döredijilik toparynyň sergisi geçirildi

05-12-2022 / 16

«Gujurly ýaşlar» döredijilik toparynyň sergisine Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýylyň dowamyndaky iň uly üstünlikleriniň biri diýesiň gelýär. Döredijilik toparynyň gyş paslynyň ilkinji gününde açylan sergisi Halkara Bitaraplyk gününe sowgat hökmünde garşylandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Dekabr aýynda guralýan sergi talyplar üçin sungat baýramçylygyna öwrülýär. Sergidäki biri-birinden owadan, üýtgeşik işleri synlap, ýaşlaryň näderejede zehinlidigine «Tüweleme!» diýýärsiň. Bu sergi — türkmen şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň şu gününe syýahat. Geçmişimize syýahat. Gujurly ýaşlar bulary inçelik bilen duýmagy başarypdyrlar. Suratlarda, heýkellerde, keramikada, halyda, zergärçilikde bu aýratynlyklar aýdyň şöhlesini saçýar. Myhmanlar olarda sungatyň ruhy güýjüni duýýarlar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu