SliderŽurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk – nusgalyk ýörelge

04-12-2022 / 13

Türkmen döwleti üçin Bitaraplyk derejesi bu gün gülläp ösmegiň berk binýadyna öwrüldi. Her ädimini beýik ynam bilen öňe ädýän Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagy babatynda giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda döwletimiz dünýäniň ýüzlerçe ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, 50 sany halkara guramanyň agzasy bolup durýar. Şol bir wagtda Türkmenistan 150-den gowrak halkara konwensiýalara, şertnamalara we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar.

Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygy türkmen halkynyň iň oňat däpleriniň özboluşly dowamydyr we aýdyň ýüze çykmasydyr. Hut şonuň üçin eziz Watanymyzyň asudalygynyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlarynyň gymmatyny bilýän ýaş nesli terbiýelemekde, şöhratly ata-babalarymyzyň watansöýüjilik däplerini, gymmaty egsilmeýän milli durmuş ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, häzirki zaman dünýäsiniň iň gowy gazananlaryna daýanyp, gülläp ösýän Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda öz mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.

Aýnur KAKYŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu