SliderŽurnalistiň sahypasy

Halkara banklar güni

04-12-2022 / 12

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda kabul edilen kararnama laýyklykda, 4-nji dekabr Halkara banklar güni diýlip yglan edildi. Bu baýramçylygyň bellenmeginiň ähmiýeti banklaryň köpugurly ösüş mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr.

Banklar adamlaryň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe.
Jogapkärçilikli bank ýörelgeleri durnukly bank ulgamy üçin esas döredýär we ulgamyň jemgyýete nähili oňyn goşant goşýandygyny görkezmäge kömek edýär. Bank ulgamy işiň ähli ugurlarynda durnuklylygy üpjün etmäge goşant goşýar. Şeýle hem banklara BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uly orun degişlidir. Dünýäde milli, halkara we sebit derejesinde müňlerçe bank bolup, olar milli maliýe ulgamynyň özenini düzýärler.

Durnukly ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin iň möhüm meseleleriň biri, ähli görnüşlerde garyplyga garşy göreşmek bolup durýar. Garyplykdan başga-da, global meseleleriň biri sosial we emläk deňsizligi, daşky gurşaw meseleleri. Bu meseleleri çözmek we kynçylyklary ýeňip geçmek uzak möhletli meseleleriň biridir. BMG, häzirki ykdysady ýagdaýyň üýtgäp durýandygyna garamazdan, banklaryň ünsüni şeýle uzak möhletli taslamalara maýa goýmagyň möhümdigine gönükdirýär. Bu gün BMG milli we sebitleýin ösüş banklaryna ýüzlenip, mümkin bolan sikl töwekgelçiliklerini ýeňip geçmek üçin öňünden hemmetaraplaýyn çäreleri işläp düzmäge çagyrýar.

Mamagül ÝAZLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu