Marokkoda geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň hödürlän milli gymmatlyklary täze sanawa alyndy.
Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň bilelikdäki tagallalary netijesinde Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Bu barada Marokkoda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde degişli çözgüt kabul edildi.
Gündogar halk döredijiliginiň gahrymany bolan Hoja Nasreddin gysga gülküli şorta sözleriň esasy gahrymanydyr.
Bulardan başga-da, fransuzlaryň baget çöregini taýýarlamak medeniýeti, hytaýyň çaý demlemek usullary, araplaryň hurma, baýramçylyk we düýe bilen bagly birnäçe däbi, Germaniýanyň döwrebap tansynyň ýerine ýetirilişi ýaly dürli milletlere degişli medeni gymmatlyklar sanawa alyndy.
«TürkmenGazet».