2-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinden gelip gowşan hoş habar barada aýtdy.
Wise-premýer şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly hödürnamasyny bu gurama tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigini belläp, döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
«TürkmenGazet».