
“Disney Plus” -da çykjak Şahan Gökbakaryň “Recep İvedik 7” filminiň tomaşaçylar tarapyndan köp garaşylýan treýleri çykdy. Aýwalykda surata düşürilen film şu ýylyň 9-njy dekabrynda tomaşaçylara görkeziler.
Şahan Gökbakaryň baş keşbi janlandyran “Rejep İvedik 7” filminiň surata düşürilmegi geçen tomus tamamlandy. “Disneý Plus” -da efire beriljek filmiň rolunda Öznur Serçeler, Kangy, Murat Ergür, Eraý Türk we Nurullah Çelebi ýaly zehinli aktýorlar bar.
Rejep İwedigiň 7-nji filminde şäher durmuşyna haýran galan iň gowy dosty Nurullany özi bilen alyp, enesinden miras galan oba öýüne gitmek kararyna gelýär. Oba durmuşyndan lezzet alýarka, obany we töweregindäki tokaýlary zaýalajak uly bir taslamanyň bardygyny bilýän Rejep İwedik, obanyň ýaşaýjylary bilen birleşer we bu taslama garşy gyzykly we gülkünç başdan geçirmelere duş geler.
Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.