Göwün küýsegiSlider

Alňasap gelen gyş

Pikir ýöretme

02-12-2022 / 26

Gyşyň ilkinji güni. Ýöne nämüçindir oňa henizem güýz dowam edýän ýaly duýulýar. Otlar güýzemekläpdir. Niredendir bir ýerlerden okan «Güýzüň iň soňky ýapragy gaçansoň, gyş başlanýar» diýen jümlesi düşýär ýadyna. Sary ýapraklaryň ýele sowrulyp ýörmesi onuňam damagyny doldurýar birhili. Güýz bilen bagly ýatlamalar öz erkine goýanok hiç. Güýzüň soňky, gyşyň ilkinji gününde ýagan ýagyşlardan soň, her ýerde toplum-toplum bolup duran pytraňňy pikirlerine meňzeş ýagyş suwlary içini gysdyrýarmy nämemi?! Aý, garaz düşnüksizräk öz-ä. Sähel salym mundan öň ýagan ýagşa ezilen saçy ýaly şar gara gözlerem gözýetimden has alyslary nazarlaýar. Otlary, gülleri, baglary, daglary, umuman, daş-töweregini gama gark bolup, gussadan ezilen göwnüne meňzedýär. Güýz bilen gyşyň çatrygynda öwüsýän çigrek ýel onuň saçlarynyň buýrasyny tekizlemek isleýär göýä. Ony başarmansoň, suwuň ýüzünde surat çekip ýör. Bu ýagdaýy synlap, onuň ömrüne heňdeş Atajan agadan bir goşgy ýadyna düşdi:

Nirä baksaň düşýär ýada
Kenar, ada ýa-da köl.
Otlaram öl, agaçlaram,
Gülem, elem, ýerem öl.

Ýer-gök–— çüýşe,
Meňzeş düýşe
Derekleriň kamaty.
Zyra-zyra yz galdyrýar
Suwda ýeliň ganaty.

Gowşak ýatkeşligi sebäpli, şygryň soňy pyşyrda ýazyp gitdi. Öz ömrüne meňzeş saýýan ýeri welin, iň soňky setirlerdi. Nury öçüşen gözlerini ýumup, gysga wagtlaýyn geçmişine syýahat etdi. Käbir bitiren işleri ony buýsandyrdy, gijemeýän ýeňse çukuryny gaşap, käbir sözleri aýdyp bilmäni üçin bolsa depe saçy düýrükdi. Güýzde tapyp-ýitiren söýgüsini ýatlanynda welin, haýbat bilen nädip ýerinden turanyny özi-de bilmän galdy. Gara basyp, ukudan oýanan çaganyň düýşi ýaly gysga wagtyň içinde durmuşynyň iniş-çykyşly ýerlerini ýatlady:

Bir gyza ýazylyp, jogapsyz galan haty, ýok, ýok, jogapsyz galandyr öýden haty, garaz, şol hat bilen bagly buýr-bulaşyklyk döräpdi serinde. Jogapsyz galandyr öýden hatynyň jogabyny ençe ýyllar soň, kitabynyň arasyndan tapmagy. Hut şol güýz gününde-de hem göwün söýen gyzynyň durmuş toýy… Bu zatlar oňa ömrüne heňdeş şygry gaýtadan ýatlatdy:

Gidip barýan jadylanan,
Bagtdan doýan ýaly men.
Birin söýüp, oň söýýänin
Häzir duýan ýaly men.

Seri dumanlady, gözi gubarlady. Okuwçyka-da, talypka-da ýanyndan goýmadyk kitaplary göz öňüne geldi. Şonça kitaby okap, şonça şygry ýatdan bilip durka-da, şol gyzyň ýüzüne seredip diýip bilmedik üç sözi aňyna, akylyna, ýüregine sygmajak agram saldy. «Bagtyň suraty» kitabyndan iki setiri gaýta-gaýta tekrarlady.

Aýdylmadyk söz has agyr,
Diýlen sözüň ahmyryndan.

Bu gün 1-nji dekabr. Gyş başlady. Onuň köňlünde welin, gyşyň öňi-soňy ýok. Asyl-ha gyşdan başga pasylam ýok. Gyş, golaýlaberse-de, agaçlar ýapragy bilen hoşlaşýar. Onuň göwnünde gyş alňasap goş ýazdyranynda welin, ýigit ilkinji söýgüsi bilen hoşlaşypdy. Şol sebäplem her gelen güýz onuň gussasyny terlendirýär. Hakyt özüne bagyşlanylyp ýazylan ýaly goşgulara köp duş gelensoň, Atajan Annaberdiýewi ol her gün okaýardy. Şu mahalky ahwalaty hakynda onuň ýene-de bir şygyr ýadyna düşdi:

Golaýlaşýar barha gyş.
Tomus barha daşlaşýar.
Düşüp barýan ýapraklar
Pyşyrdaşyp hoşlaşýar.

Güýzde gussa terlener,
Bulutlar lemmerlener.
Azaldykça meýdanda
Süýjeýär güýzterneler.

Bişmek bar hyýara-da,
Saralar biýara-da.
Kän oýlanar güýz güni
Her kim özi barada.

Kalby tämiz, göwni sap,
Özünden sorar hasap.
Howlukmarsyň gyşa sen,
Özi geler alňasap…

Geň galaýmaly. Könelden sahaplarynyň sanyny ýitiren ýigit üçin üç söz agyr düşäýdimikä?! Şony aýtmaga mejal tapan bolsa, sözi alynjagam eken-le welin. Indi giç-dä. Ýogsa, onuň okyjy hökmünde şygyr ýazmaga synanyşan gezekleri-de az bolmandy ahyry?!

Hawa, ol bir döwürler goşgam ýazan bolýady. Taşlamaga hem taraşlamaga dözmedik ilkinji goşgusy-da häzirkisi ýaly ýadynda. Hatda şygyr ýazmaga ymtylan gününi ýatlasa-da, onuň ýadyna düşýän zat — büdür-südür setirlerine siňen şol güýzüň ýapraklaryna reňkdeş saçly sarymeňiz gyzyň ady…

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Çeşme: «Esger» gazeti, 1-nji dekabr.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu