Habarlar

Täze saglyk öýi açyldy

02-12-2022 / 8

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginde täze saglyk öýüniň açylmagy oba ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.

Welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan bu saglygy goraýyş binasynda oba ilatyna köpugurly lukmançylyk hyzmatyny etmek üçin ähli şertler döredildi. Saglyk öýünde sanjym, hasaba alyş, barlaghana we beýleki lukmançylyk otaglary, dermanhana, naharhana ýerleşýär. Bu ýerde ýatymlaýyn bejergi almak üçin hem ýörite otaglar bar. Täze binanyň degre-daşyny bezeg agaçlary gurşap alýar. Etrabyň çäginde tutýan meýdany hem ilatynyň sany boýunça iň ulusy hasaplanylýan Gölýer obasynyň bagtyýar ilatynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy aýdym-sazlara beslendi. 

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu