«Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir». Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek babatynda maýyplaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek döwletiň ilkinji wezipeleriniň biri. Döwletimizde maýyplygy bolan adamlaryň beýlekiler bilen deň hatarda okamagy, bilim almagy, öz saýlan hünärine eýe bolmagy, halal zähmet çekmegi, maşgala gurmagy, sagdyn we bagtly ýaşamagy üçin hemme şertler döredilendir.
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara maýyplar güni geçirilýär. Bu halkara güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1992-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda kabul eden rezolýusiýasy esasynda baýramçylyk hökmünde bellenilip gelinýär. Bu günüň geçirilmegi maýyplaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryna has oňat düşünip, olaryň hak-hukuklaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryny tapmaga ýardam edýär.
Adam – Baş Kanunymyzyň 4-nji maddasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýar. Biziň ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň özlerini kemala getirmekleri üçin ähli derwaýys şertler döredilýändir, maýyp çagalaryň bilim almaklary üçin mekdepler hereket edýär, mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin iş ýerleri döredilýär, maýyplygy bolan ulylaryň hem-de çagalaryň ähli hukuklarynyň hem-de esasy azatlyklarynyň mäkämligini üpjün edýän kanunçykaryjy hukuknamalaryň ençemesi hereket edýär. Döwletimizde adam hukuklary bilen baglanyşykly ähli hukuknamalar halkara hukugyna laýyklykda taýýarlanyp kabul edilýär. Maýyplaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. 2008-nji ýylda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň ähli hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmak we durmuşa geçirmek maksady bilen, biziň döwletimiz 2006-njy ýylda kabul edilen Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa goşuldy.
Adam hukuklarynyň hem azatlyklarynyň doly üpjün edilmegi jemgyýetiň ösüşiniň, onda agzybirligiň, rahat durmuşyň berkarar edilişiniň iň zerur şertleriniň biridir.
Durdymyrat ŞYHMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.