«Ýewropa ykdysady bileleşigi» döwletara ykdysady goşulyşmalaryň taryhynda ilkinjileriň biri bolmak bilen häzirki wagtda dünýäde giňden tanalýar. Ol 1957-nji ýylda döredilip ilki başda onuň düzümine 6 sany Ýewropa ýurtlary (Belgiýa, Gollandiýa, Italýa, Lýuksemburg, Fransiýa we Germanýa Federatiw respublikasy (GFR)) girýärdi. Soňra bolsa Angliýa, Irlandiýa, Daniýa Gresiýa, Ispanýa we Portugaliýa bu bileleşige agza boldular. 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda onuň düzümine Awstriýa, Finlýandiýa we Şwesiýa girdi.
2004-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Ýewropa bileleşiginiň agzalygyna ýene-de 10 sany döwlet goşuldy. Häzirki wagtda Ýewropa bilelşiginiň düzümine 27 sany döwlet girýär. Ilkibaşda Ýewropa ykdysady bileleşiginiň esasy maksady ýa-da wezipesi oňa gatnaşýan döwletleriň umumy ykdysady bazaryny döretmekdi. Şonuň üçin ÝB «Umumy bazar» ady bilen hem tanalýandyr. Bileleşige girýän döwletler özleriniň umumy wizasyny hem döretdiler. Maglumatlara görä, häzirki wagtda ÝB-niň düzümine girýän ýurtlar umumy Konstitutsiýasyny döretmekligi hem meýilleşdirýärler. Ýewropa Bileleşigine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda milli walýutanyň erkin çalşylmagy ýola goýuldy we ýewro walýuta ulgamy döredildi. Kollektiwleýin walýuta birligi Ýewropa ykdysady bileleşiginde 1978-nji ýyldan hereket edip başlady. Ol walýuta «EKÝU» ady bilen belli boldy. 2002-nji ýylda Ýewropa bileleşiginiň durmuşynda täze döwür başlap, goşulyşmanyň has ösen basgançagyna geçildi. Täze bir bitewi umumy walýuta bolan «Ýewro» pul birligine 2002-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 12 sany agza döwlet geçdi. Birnäçe wagtdan soňra bolsa «Ýewro» pul birligi amerikan dollary bilen bir hatarda dünýä walýuta ulgamyna öwrüldi.
Mukam ERKINOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.