Göwün küýsegiSlider

Kerim aganyň wesýetlerinden

01-12-2022 / 27
  • Her bir hoş sözi ýerine düşürip, başaryp aýdyp bilmegiň ullakan ähmiýeti bar. Şeýdilse, kän-kän adamlaryň saglygyny gorap boljak.
  • Bahylçylyk, köplenç halatda, diňe asgyn bilen güýçliniň arasynda döreýär: asgyn güýçlüni gabanýar.
  • Uly şahsyýet owunjak zatlarda-da özüniň ululygyny görkezýär.
  • Hoş söz satylýan zat däl: ony zerur ýerinde gysganman paýlamak gerek.
  • Şöhrat adamyň gaýratyny ölçemek üçin iň uly synagdyr.
  • Ulumsylyk uly adamyny-da kiçeldip görkezýär. Kiçigöwünlilik kiçi adamyny-da ulaldýar.
  • Özgä guwanyp bilmeseň, saňa guwanmazlar.
  • Batyr adamlaryň batyrçylygy hakynda olaryň özüni gepletmek bigelşik bolýar. Adam öz batyrlygy barada näçe edeplilik bilen gürrüň berse-de, ol seniň gözleriň öňünde ýuwaş-ýuwaşdan pese gaçýar.
  • Körzehiniň daşynyň gopguny bolmaýar.
  • Gomparmagy gowy görýän adamlar öz doglan obasyndan näçe uzaga gitdigiçe, şonça-da beter gompuldaýarlar. Sebäbi ol ýerlerde olary tanaýan adam ýok.
  • Öz dostuňdan gizlin saklaýan syrlaryňy hasaplap gör. Şol syrlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da sen öz dostuňdan uzakdasyň.
  • Hakyky ýazyjy tankytçydan gorkmaýar. Ol diňe okyjydan gorkýar.

Taýýarlan Ogultar ÇARYÝEWA,
TDP-niň Bäherden etrap komitetiniň partiýa guramaçysy. 

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu