Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bellenilişi ýaly, ol durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikler gazanan we halkara giňişlikde ýurduň at-abraýyny belende galdyran, maksada okgunly ýolbaşçy hökmünde hytaý halkynyň taryhyna girdi.
Szýan Szemin 1926-njy ýylyň 17-nji awgustynda Hytaýyň Szýansu welaýatynda dünýä indi. 1993-2003-nji ýyllar aralygynda HHR-iň Başlygy wezipesinde işledi. Ondan soňra bu wezipäni Hu Szintao eýeledi.
«TürkmenGazet».