30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi.
Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat, öz nobatynda, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn başlangyçlary bilen uly halkara abraýa eýe bolan döwletde Awstriýa wekilçilik etmegi özi üçin hormat hasaplaýandygyny aýtdy.
«TürkmenGazet».