
Gadymy döwürlerde içine pagta ýa-da ýüň salnyp tikilen egin-eşikler hem bolupdyr. Olaryň käbir görnüşleri häzirki wagtda hem giňden peýdalanylýar.
Çaga kürtesi ýeňli we ýeňsiz, etegi uzyn edilip tikilýär. Ol çagany sowukdan, içini ýel gapmagyndan goraýar. Içine pagta salnyp tikilýän topbular çaganyň gulagyny eşidiş perdeleriniň şemallamagyndan gorapdyr.
Uly adamlaryň gyşyň aňzagyndan goranmagy üçin pagtaly don, güpbi, gursakça ýaly galyň eşikler tikilipdir. Gursakça edebi dilde «ýeňsiz» hem diýilýär. Ýeňsiz güpbüden sähel ýuka bolýar. Içindäki pagta süýşmezligi üçin bu eşikleriň ýüzünden hatar-hatar tikilip syrdalýar.
Gyş eşiklerine salynjak pagta ilki elin çigitlenýär. Çigitlemek işi jykda hem ýerine ýetirilipdir. Gadymy döwürlerde jyk agaçdan ýasalypdyr, has soňra onuň demirden ýasalan görnüşleri hem peýda bolupdyr. Çigidinden saplanan pamyk saýmak üçin üýşürilýär. Bir saýymlyk pagta «bir gunda» diýilýär. Ene-mamalarymyz pagtany çeýe çybyk saýgyç bilen saýypdyrlar. Saýgyç, esasan, ýylgynyň çybygyndan edilipdir. Güpbi, pagtaly don, gursakça salmak üçin täze pagta bolmadyk ýagdaýynda, öň ulanylan köne pagtany tüýdüp, täzeden saýyp peýdalanypdyrlar.
Bahar SAPAROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



