Göwün küýsegiSlider

Mähribanlyk daragty

29-11-2022 / 10

Durmuş bir daragt bolsa, onuň iň datly miwesi geçirimlilik we mähribanlykdyr. Geçirimlilik ynsanyň kalbynda şineläp, akyl-paýhasynda ösýär. Ol adamlaryň arasynda agzybirligi, dostlugy we parahatçylygy kemala getirýär.

Geçirimlilik öz-özüňi ýeňmekdir. Şeýle ýagdaýda adamyň kalbynda özboluşly sazlaşyk emele gelýär. Bu barada il arasynda şeýle bir tymsal bar:

Bir danadan sorapdyrlar:
-Sen şunça ýaşasaň-da garraňok. Akyl-huşuň hem ýerinde. Munuň syry näme?
Şonda ol:
-Men hemişe geçirimli boldum. Geçirimsiz adam öz-özüni iýýär, köňül çyrasy wagtyndan öň sönýär. Onsoň onda akyl-huş hem galmaýar. Geçirimli bolmak tebigat bilen, adamlar bilen sazlaşykly we mähriban ýaşamakdyr. Bu sazlaşyk maňa ömür boýy sapak berdi, „abraý“ getirdi – diýipdir.
Durmuşda geçirimli, pespäl we paýhasly adamlaryň ýüzi nurana bolýar we hormaty, sylagy artýar. Gündogarda şeýle bir pähim bar: „Geçirimlilik  şowlulygyň açarydyr“.

Ir döwürde uzak ýaşan bir goja bolupdyr. Onuň baýlygy ýere-göge sygmandyr. Ogul-gyzy edep-terbiýeli bolup, durmuşda hiç ynjamandyr. Ondan munuň syryny sorapdyrlar. Ol:
-Uzak ýaşamagymyň sebäbi, gyzyp gelip, „atymy suwa ýakmadym“ diýipdir.
-Beýle diýdigiň näme? – diýip sorapdyrlar.
-Hiç haçan gyzyp gelip, suw içmedim, alňasap, tagam iýmedim – diýipdir.
-Onda baýlygyň syry nämede? – diýipdirler.
-Hemişe geçirimli boldum, adamlary hiç närazy etmedim – diýipdir.
-Ogul-gyzyň edepliliginiň syry nämede? – diýipdirler.
-Adamlara mähriban bolup, ogul-gyzlaryma görelde boldum – diýipdir.

Adamlaryň bir-birine bolan mähirli garaýşy, onuň durmuşyna, tutuş ömrüne oňyn täsir edýär.

Begenç MUHAMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu