Alymlar gülmegi, şadyýan bolmagy «tölegsiz bejergi» almak diýip hasaplaýarlar. Çünki bu ömri uzaltmagyň ygtybarly usullarynyň biridir. Şonuň ýaly-da bu «bejerginiň» hiç hili zyýanly täsiri ýokdur.
Gülmegiň adam bedenine edýän täsirini öwrenýän ylyma bolsa gelotologiýa diýilýär. Bu ylym netijesinde öwrenilen käbir maglumatlar her kime-de gyzykly bolsa gerek:
- aýallar erkeklere görä köp ýylgyrýarlar;
- çagalar üç aýlyk bolansoňlar gülüp başlaýarlar;
- gülmek diňe adamlar däl, haýwanlara hem mahsusdyr. Meselem: gorillalara, orangutanlara, şimpanzelere;
- gülmek ünsüňi jemlemäge, bedeni kuwwatlandyrmaga, dartgynlylygy aýyrmaga kömek edýär;
- şadyýanlyk gatnaşyklary berkidýär, gowy ukyny üpjün edýär;
- gülmek döredijilik başarnyklaryň açýar;
Adam çyn ýürekden gülmek bilen dem alyş tizligini ýokarlandyryp, bedeni kislorod bilen has baýlaşdyrýar. Şonuň ýaly-da bu peýdaly emosiýanyň beýniniň ähli bölegini herekede getirip, ýady berkitmegiň bir ýolydygy subut edilen hakykatdyr. Smehoterapiýa süýji keselli näsaglaryň ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini ýokarlandyrýar, bedendäki sowuklama alamatlaryny azaldýar. Gülmek artykmaç agramdan saplanmaga kömek edýär. Ýagny, 15 minutlyk gülki 40 kaloriýanyň ýakylmagyna getirýär. Şadyýan adamlar beýlekilere görä, ýürek-gan damarlaryndan az ejir çekýärler. Şonuň ýaly-da olar has ünsli bolýarlar. Ýüzdäki ähli myşsalar gülki wagtynda işjeň işleýär. Bu garramagyň alamatlaryny aradan aýyrýar. Hatda kimdir biriniň gaty ses bilen gülýänini eşideniňde ýüz myşsalary eýýäm şol duýgulary gaýtalap başlaýar.
Şemşat HOJANIÝAZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdebiň mugallymy.