SliderŽurnalistiň sahypasy

Nesil terbiýesi maşgaladan başlanýar

29-11-2022 / 14

Milletiň, halkyň gelejegi ýaş nesil bolup durýar. Her bir ýaş nesliň ilkinji terbiýesi maşgaladan başlanýar.

Biziň  halkymyz gadymdan gelýän halk bolup, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegi her bir maşgala eýesiniň esasy borjy hasaplanylýar. Millilik düşünjesi  halkymyzyň süňňüne ornaşyp, asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip  gelipdir. Türkmen halkynyň milliligi onuň dilinde, edim-gylymynda, däp-dessurynda, hem-de nesil terbiýesinde bolup durýar. Mahlasy türkmen halky  dünýä  halklarynyň  arasynda öz ar-namysy, aýal-gyzlaryna goýýan hormat-sylagy, nesillerini milli ruhda terbiýeleýşi  bilen tanalýandyr.  Baýdak  ýaly,  ar-namysly, maşgalasyna wepaly, şirin sözli, elleri tagamly, her bir maşgalanyň görki  zenanlarymyzyň  terbiýeläp ýetişdiren nesli gelejegiň uzly, edepli, hakyky mert Watanyň gerçek ogul-gyzlarydyr.

Häzirki zaman ösen jemgyýetimizde kämillik ýaşyna ýetmedik, ýaş nesil terbiýesini dogry ýola gönükdirmek diňe bir maşgalanyň däl, eýsem tutuş jemgyýetimiziň ýagny, mekdep mugallymlarynyň, olar bilen bilelikde wagtyny geçirýän her bir adama degişlidir.     Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň internet toruny gerekli maglumatlar üçin ulanmaklygy, öz wagtynda uklamagy, arassaçylyk  düzgünlerini  berjaý  etmegi  ýaş nesliň terbiýesine oňyn täsir edýär.  Şeýle-de  çeper eserleri özünde jemleýän kitaplary okamaklyga ugrukdyrmaklyga, telewizora belli bir wagtyň dowamynda tomaşa etmekligine, okuw sapaklaryny ýerine ýetirişine, daş-töweregindäki deň-duşlary bilen gatnaşygyna, özüni alyp barşyna esasy üns berilse, her bir maşgalada  ata Watanymyzyň geljegini ynanyp bolar ýaly ýaş nesliň terbiýelenip ýetişjekdigine göz ýetirip bolýar.

Begenç ŞARIPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu