Siziň üçin...Slider

Mallaryň derisinden ýasalýan önümler

28-11-2022 / 11

Pederlerimiz mallaryň derisinden hojalyga gerekli tulum, meşik, sanaç ýasapdyrlar.

Tulum goýnuň, geçiniň bitewiligine sypyrylyp alnan derisinden taýýarlanylýar. Derini gowy eýläp, malyň aýaklarynyň, kellesiniň çykýan deşikleri bogulýar. Dört sany agaç dikip, ýaňky taýýarlanan deri dikligine durar ýaly agaçlara berkidilýär. Şeýle ýagdaýda onuň içine gatyk guýup, ýaýyp mesge ýagyny alýarlar. Ir wagtlar ony ýanlyk hökmünde ulanypdyrlar. Tulum çarwaçylykda göçüp-gonulanda, islän ýeriňe alyp gitmekde oňaýly bolupdyr.
Meşik üçin geçiniň derisi bitewiligine sypyrylyp alynýar. Derini gowy eýläp, malyň aýaklarynyň, kellesiniň çykýan ýerlerini bogýarlar. Meşigiň içinde, esasan, suwuk iýmitleri saklaýarlar, ýagny suw, toşap, bal, ýag. Meşik islän ýeriňe şol önümleri alyp gitmek üçin oňaýly bolýar, ondan başga-da, meşigiň daşynyň gyly bolmagy şol önümleriň gyşda doňmazlygyna, tomsuň yssysynda zaýalanmazlygyna kömek edipdir.
Gürrüňdeşlikde: “Aý, pylanam soňky döwürde meşik ýaly bolaýypdyr” diýilýär. Beýle diýildigi ol kişiniň soňky döwürde semrändiginiň ýaňzydylmagyny aňladýar.
Sanaç hem uşak malyň tutuşlygyna sypyrylyp alnan derisinden ýasalýar. Deriniň tüýleri ütülip aýrylýar we gowy eýlenip, deşiklerini bogup, oňa ýel berilýär.
Şeýle ýagdaýda gyş döwründe gara öýüň tüýnüginden asyp goýulýar. Beýle edilmeginiň sebäbi, gara öýde bişirilýän naharyň buguna we ojar odunyň tüssesine tüýnükden asylgy sanaç gowy kakaýar we çyg geçirmezlik derejesine ýetýär. Şonuň üçin hem sanajyň içine çygdan gorap saklamaly iýmitler salnyp goýlupdyr ýagny ol iýmitler: un, gant, duz, gurt, kak, sök önümlerdir.
Käwagt gürrüňdeşlikde: “Men senden bir sanaç uny kän iýendirin” diýilýär. Beýle diýildigi, onuň öz gürrüňdeşinden ýaşynyň uludygyny ýaňzytdygy bolýar.
Geçiniň derisinden deprek ýasalýar. Ol un, bugdaý elemek üçin elekleriň gözeneklerini ýasamak üçin hem ulanylýar.
Goýun malynyň derisinden telpekdir possun tikilip geýilýär. Iri şahly malyň derisini eýläp, ondan aýakgaplary tikmek üçin gön önümleri taýýarlanýar. At esbaplary, ýagny eýer, jylaw, kelleki, gamçy, uýan taýýarlanýar. Gara öýüň tärimleriniň aralaryny berkitmek üçin hem, derilerden peýdalanylýar.
Uly öküziň derisini eýläp, guýudan suw çykarmak üçin gowa ýasalýar.
Mallaryň derilerinden ýasalyp ulanylan enjamlar bolan tulum, meşik, sanaç häzirki ýaşaýyş durmuşymyzda ulanylmaşa-da, olar halkymyzyň taryhynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu